Hormatly Prezedentimiziň başlangyçlary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR-nyň) hökümeti Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary has hem berkmekitmäge uly üns berýär. Türkmenistan dünýä ykdysadyýeti üçin şu çylşyrymly döwürde durmuş-ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklaýar, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge düýbünden täze çemeleşmeleri görkezýär. Ýurduň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu başlangyç dünýä bileleşigi tarapyndan goldanyldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen berkidildi.
Milli Liderimiz dostlukly ýurduň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyna uly sarpa goýýar. Şeýle hem syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň has-da ýokarlandyrylmagy üçin uly işleri amala aşyrýar.
Döwlet Baştutanymyz we Hytaýyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde mundan beýläk-de ysnyşykly gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýär. Iki döwletiň halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygynyň özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga uly itergi berýär.
Ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmek boýunça başyny başlan strategiýasynyň hem-de hytaýly hyzmatdaşlaryň “Bir guşak — bir ýol” taslamasynyň uly ähmiýete eýedir. Şol başlangyçlar umumy taryhy ýörelgelere esaslanmak bilen döwletleriň hem-de halklaryň abadançylygyna we rowaçlygyna hyzmat edýär.
Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynda okgunly ösüşe eýe boldy. Bilelikdäki möhüm taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy munuň miwesidir.
Döwletleriň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda döwletara gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda hyzmatdaşlygyň 5 ýyl üçin Maksatnamasyny işläp taýýarlanyldy. Bu maksatnama hyzmatdaşlygyň özara ylalaşylan ugurlary boýunça anyk taslamalary we çäreleri meýilleşdirmäge hem-de yzygiderli amala aşyrmaga mümkinçilik berdi.
Däp bolan ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlary hem-de saglygy goraýyş, maglumat, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, kosmonawtika ulgamlary we beýlekiler wajyp ugurlaryň hataryna girýär. Şol ulgamlarda özara tagallalary birleşdirmek möhüm ähmiýete eýe boldy.
Ogulnar Orazmyradowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary inistitutynyň talyby.
Teswirler