Ýurdumyzyň gümrük edaralaryna täze enjamlar ornaşdyryldy

Ýurdumyzyň gümrük edaralaryna “UNCTAD” guramasynda taýýarlanan integrirlenen «ASYCUDA World» gümrük maglumatlar ulgamy ornaşdyryldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň gümrük gullugynda öňdebaryjy tehnologiýalar we dünýä derejesindäki gözegçilik enjamlary ulanylýar, bu bolsa gümrükhana gözegçiliginiň wagtyny tygşytlamaga hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Gullukda tizligi ýokary aragatnaşyk ulgamy, wideogözegçilik we uzak aralykdan ulag serişdelerine gözegçilik etmek üçin döwrebap geolokasiýa ulgamy bar.

Şeýle hem gullugyň elektron hyzmatlary, maglumat portallary, gümrük resminamalaryny taýýarlamagy, maglumatlary toplamagy we seljermegi doly awtomatlaşdyran integrirlenen «ASYCUDA World» gümrük maglumatlar ulgamy ýa-da ýurduň döwlet serhediniň goýberiş nokadynyň çäklerinden geçýän harytlary hem-de ulaglary resmileşdirmäge gatnaşýan gulluklaryň ählisiniň işini utgaşdyrýan «Sanly gümrük amallary» doly güýjünde işledilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär.

“UNCTAD” guramasynda taýýarlanan maglumatlar ulgamy  «ASYCUDA World» programma üpjünçiligi gümrükhanada resminamalary barlamagy ýeňilleşdirýär. Ulgam adatça ýükleri resmileşdirmäge gidýän wagty 14 esse azaltmaga mümkinçilik berýär.

Ýusup HALMYRADOW,

D.Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok