Watanymyzyň Garaşsyzlygyna – 30 ýyl

Agzybir türkmen halky Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esaslandyran ýurdumyzyň täze taryhy eýýamyny alamatlandyrýanbeýik baýramçylykdyr. 27-nji sentýabr milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýär. Çünki ol dünýä kartasynda, halkara giňişliginde görnükli orun eýelän garaşsyz türkmen döwletiniň dörän gününialamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyz özüniň saýlap alan döredijilik, ynsanperwerlik we giňmöçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar hem-de uly üstünlikleri, beýik zähmet ýeňişlerini gazanmak arkaly täze sepgitleri eýeleýär. Özüniň oňyn ösüşi bilen öňe tarap okgunly hereket edýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgysynyň şu ýylky tapgyry ajaýyp zähmet üstünliklerine beslendi. Ägirt uly özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylan ýeri bolan gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda täze keşbe girýär. Ýurdumyzda türkmen döwletiniň wejemgyýetiniň ähli ulgamlaryny öz içine alýan giň möçberli maksatnamalaýyn özgertmeler barha giň gerime eýe bolýar.

Milli we umumyadamzat ruhy gymmatlyklar jemgyýetiň sazlaşykly ösmegini kesgitleýän esasy ölçeglere öwrüldi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda iň möçberli ykdysady we demokratik özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda türkmen döwleti dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen durnuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän ýurt hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Türkmenistan jemi içerkiönümiň öndürilşi boýunça dünýäde ýokary ösüşlere eýe boldy. Müňlerçe täze iş orunlary döredildi. Ilatymyzyň zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberi her ýylda artýar. Prezident maksatnamasynda bellenen wezipeleriň esasynda milli ykdysadyýetimizde durmuşa geçirýän wajyp ähmiýetli ähli özgertmeleriň esasy maksady, ilkinji nobatda her bir adamyň abadan durmuşda ýaşamagy we ruhy taýadan kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň, ata Watanymyzy dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek baradaky pähim-parasatly syýasaty üstünlikli amala aşyrylýandygyny bu gün bütün dünýä ykrar edýär.

Ýetilen belent sepgitler we gazanylan üstünlikler türkmen halkynyň agzybirlikde, we bitewi maşgala bolup giňden belleýän mukades Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatlarydyr.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde garaşsyzlyk ýyllary içinde milli bilim ulgamy emele gelip, ýurdumyzyň ylym-bilim  taýdan ösmegine, dünýäniň bilim ulgamyna sazlaşykly utgaşmagyna, netijede bolsa türkmen halkynyň bilimini, ylmyny, sowatlylygyny has-da artdyrylmagyna öz mynasyp goşandyny goşup gelýär. Türkmenistanyň bilim ulgamynyň işgärleriniň adyndan siziň ähliňizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy bilen gyzgyn gutlamak bilen, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde bilim işgärleriniň saldamly goşantlaryny goşup, päk zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys!

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
 oba hojalyk uniwersitetiniň
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär mekdebiniň mugallymy
BEGENJOW MEÝLIS

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok