Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Türkmenistana saparda boldy

25-26-njy awgustda Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda saparda boldy.

Şu gün Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Ikitaraplaýyn geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Owganystandaky ýagdaýlar hem-de sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanylmagy maksady bilen, sebitleýin özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi boýunça geljekki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün bolsa Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem duşuşygy boldy. Geçirilen maslahatyň dowamynda daşary syýasy hyzmatdaşlyga we Owganystandaky ýagdaýlara aýratyn üns berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok