Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýollady.

“Biz Türkmenistanda Ermenistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň dostlukly ýurtlaryň we onuň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine özara peýdaly hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutany öz gutlag hatynda belleýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok