Hemmelere elýeterli syýahatçylyk boýunça ilkinji halkara standarty neşir edildi

Halkara standartlaşdyrma guramasy (HSG) dünýäde ilkinji elýeterli syýahatçylyk standartyny – HSG 21902 «Syýahatçylyk we ugurdaş hyzmatlar – Hemmeler üçin elýeterli syýahatçylyk – Talaplar we maslahatlar» neşir etdi.

HSG – ähli adamlar üçin syýahatçylyga deň elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen ýol görkeziji ýörelgeleri teklip edýär. Muňa mysal edip, syýahatçylyk edaralary ýazmaça habarlarynda suratlar we grafikalar, zerur ýerinde bolsa gapma-garşy reňkler we okamasy aňsat şriftler bilen logiki yzygiderlilikli sadadan düşnükli dili ulanmalydyrlar. Bu standart mümkinçiligi çäkli (maýyp) syýahatçylara kömek etmek üçin-de niýetlenendir.

Bu uniwersal standartyň halkara derejesinde işlenip düzülmegine Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy (BMGBSG) hyzmatdaşlary bilen bilelikde ýolbaşçylyk etdi. 2021-2022-nji ýyllaryň dowamynda bu halkara guramalar bilermenler bilen bilelikde hyzmatdaşlary üçin maglumat kampaniýasyny geçirerler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok