Parlament assambleýasynyň maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekiliýeti onlaýn görnüşde geçirilen maslahata gatnaşdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekiliýeti onlaýn görnüşde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň ikinji baş maslahatyna gatnaşdy. Bu maslahat utgaşykly görnüşde Pakistanyň Yslamabat şäherinde öz işine başlady. Bu barada TDH habar berýär.

“Sebitde goşulyşmak üçin parlament hyzmatdaşlygyna goldaw bermek” YHG-nyň ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini birleşdiren iki günlük forumyň esasy mowzugy boldy. Oňa gatnaşyjylar COVID-19 pandemiýasy döwründe durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak meselelerini, şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyşlarda dürli ugurlar boýunça sebit gatnaşyklaryny goldamak meselelerine deglip geçildi.

YHG-nyň Parlament assambleýasynyň maslahatyna gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sebit gün tertibini ilerletmekde zenanlaryň orny, COVID-19 pandemiýasynyň durnukly ösüşe täsiri, YHG ýurtlarynda söwdany höweslendirmekde we syýahatçylygy ilerletmekde parlamentleriň orny ýaly meseleler hem hödürlenildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok