31-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň bu komitetiň ýapon tarapynyň başlygy, Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşine ýokary baha berdiler.
Iki döwletiň söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Taraplar häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalary seljerdiler hem-de nebitgaz, gazhimiýa we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryndaky, ulag hem-de beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Birek-birege hormat goýmaga, özara bähbitleri nazara almaga we deňhukuklylyga esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeliligi nygtaldy.
Onlaýn duşuşygyň dowamynda taraplar dünýädäki häzirki ykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutup, iri maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlykda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly işleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Akga Akgaýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
Teswirler