Daşary‌ ‌ykdysady‌ ‌gatnaşyklar‌ ‌Türkmenistanyň‌ ‌milli‌ ‌ösüşiniň‌ ‌gözbaşy‌ ‌

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp  barylýan oýlanyşykly daşary ykdysady gatnaşyklar milli ösüşiň binýadyny  pugtalandyryp, günsaýyn barha rowaçlandyrýar. Munuň özi bolsa, milli  Liderimiziň Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça durmuşa geçirýän  maksatnamalaýyn daşary ykdysady syýasatynyň oňyn netijesidir.

     Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň geografik taýdan  Ýewraziýanyň merkezinde ýerleşmegi dünýä döwletleri bilen ykdysady  gatnaşyklary alyp barmakda örän uly mümkinçilik döredýär. Ýewropanyň we  Aziýanyň çatrygynda ýerleşmegi daşary söwdany ösdürmeklikde, ýükleriň üstaşyr  daşalmasynda möhüm ähmiýetli ýurda öwürýär. 

     Ýurdumyzyň beýleki döwletler bilen netijeli söwda-ykdysady  gatnaşyklaryny ähli taraplaýyn ösdürmekligi, dünýäniň ykdysady  infrastrukturasyna birikmekligi milli Liderimiziň uzakmöhletleýin geoykdysady  strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasyny düzýär. Döwletimiziň halkara  derejesinde ykrar edilen hemişelik oňyn bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen  utgaşyklylykda «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barmagy, şu esasda daşary ýurt  maýa goýumlary üçin amatly şertleri döretmegi, dürli ýurtlar we halklar bilen  wagtyň talabyna laýyklykdaky gatnaşyklary ösdürmegi we giňeltmegi,  ýangyç-energetika toplumynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryndaky  hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine  ýetirmegi – bularyň ählisi bilelikde alnanda, ýurdumyzyň halkara abraýynyň  ösmegine getirdi. Munuň netijesi ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynyň  hemişe rowaçlyk gazanmagyna getirýär.

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz halkara  ykdysady hyzmatdaşlygynyň deňhukukly tagalla birleşdirmeklik, birek-birege  özara peýdalylyk, şeýle hyzmatdaşlyga çekilen ähli taraplaryň bähbitlerine sarpa  goýmaklyk esasynda ösdürilmegine Ýer ýüzüniň döwletleriniň we sebitleriniň  arasynda arkalaşykly hereketleri ýola goýmagyň, parahatçylygy we durnuklylygy  goldamagyň örän möhüm serişdesi hökmünde garaýar. Şu maksat bilen ýurdumyz  eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deňhukukly dowam etmegini kepillendirýän,  telekeçilik işini höweslendirýän, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini we  ygtybarly ýerleşdirilmegini üpjün edýän, maýa goýujylarynyň işi üçin amatly  şertleri döredýän ähli zerur ykdysady we hukuk serişdelerini peýdalanýar.

Şanazar AŞYROW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok