Taryhy taýdan gysga döwrüň içinde Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň çäginde bar bolan nebit we gaz ýataklary maýa goýum we özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň wekilleri türkmen hyzmatdaşlaryna gury ýerdäki we Hazar deňziniň çäginde bar bolan ýataklary gözlemekde we işläp taýýarlamakda öňdebaryjy hem-de ýokary netijeli tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň ýakyn geljek üçin öňde goýan wezipeleriniň hatarynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen birlikde, tebigy gazyň hem-de nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze uglewodorod ýataklaryny gözlemegiň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak işlerini, şol sanda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryny hem-de olaryň maýalaryny çekmegiň hasabyna degişli işleri işjeňleşdirmek wezipeleri bar.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmekde «Türkmennebit» döwlet konserni aýratyn orun eýeleýär. Ol Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynyň iri döwlet konsernleriniň biri bolup durýar. Konsern özüne dürli kärhanalaryň onlarçasyny birleşdirýär hem-de ýangyç serişdeleriniň ýataklaryny gözlemekden başlap, nebiti we gazy çykarmaga hem-de ugratmaga çenli giň möçberli işleri öz içine alýar.
Serdar GELDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
mugallymy.
Teswirler