Daşary işler ministrligi tarapyndan neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň 2021-nji ýyldaky ilkinji täze sany çapdan çykdy. Onda Hormatly Prezidentimiziň halkara syýasy işjeňligine aýratyn orun berilýär.
Žurnalyň täze sanyny, goňşy we dostlukly döwletler şeýle- de abraýly halkara guramalar we sebit düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary barada gürrüň berýän syn bilen açylýar.
Neşiriň bu gezekki sanynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilşi, abraýly halkara guramalary bilen oňyn hyzmatdaşlygyň netijeleri, ikitaraplaýyn gepleşikler, geňeşmelerdir maglumat brifingleri, halkara onlaýn forumlar we ylmy-amaly maslahatlar beýan edilýär.
Aýjeren ÇARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler