Çarwa halky mydama öri meýdanynda, açyk asmanyň astynda gije-gündiz mal bakyp gezýänligi üçin, ot-çöpleriň mallara edýän täsiri bilen türkmeniň «togsan doldusyny» anyklap bilipdirler.
1980-nji ýylda bolan wakany oňardygymça gürrüň bereýin. Çarwa obalarynda ýylyň bütin dowamynda düýe çaly taýýarlanyp, huruş hökmünde peýdalanyp gelinýär. Çarwa ýaşulularymyz çala has köp isleg bildirýärler. Pähim-paýhasly Aga kelte diýen ýaşuly: «Oglanlar, meýdanda sazak ýaryldymy, gördüňizmi?» diýip soraýar. Oglanlar: «Günde meýdana gidip-gelsegem bilemzok» diýip jogap beripdirler.
«Bilmeýän bolsaňyz, ertir meýdana gideniňizde sazaklary görüň, hökman ýarylandyr» diýip, Aga kelte aýdypdyr.
Ertesi oglanlar ýatak düýäni (ýatak düýe diýip sagmak üçin äkidilip getirilýän düýe sürüsine aýdylýar) getirmäge gidenlerinde sazagyň ýarylandygyny görüp, haýran galýarlar. Gelip ýaşula sazagyň ýarylanyny aýdyp; «Siz oturan ýeriňizden sazagyň ýarylanyny nädip bilýärsiňiz?» diýip soraýarlar.
Ýaşuly: «Gury ot-çöp üýip gelen düýäniň süýdi bilen sazak ýarylandaky düýe süýdüniň çalynyň tapawudy arkaly tanaýaryn. Sazak ýarylandan soň, otlap gelen düýäniň süýdünden edilen çalyň agaranynyň ýagjymak tagamynyň üsti bilen tanaýaryn, aňýaryn» diýýär.
Çarwa milleti ýaz dowründe goýun-geçi sagyp, ondan saryýag alyp, ony huruş hökmünde peýdalanyp gelipdirler. Gadym döwürde saryýagy guýara häzirki ýaly berk gaplar bolmandyr. Saryýagy küýze gaplara guýup saklapdyrlar. Saryýagly küýze gaplaryň döwülmeginden ätiýaç edip, öz ýaşayan ak öýleriniň täriminiň iç ýüzünde bokurdagyna gelýänçä gömüp goýupdyrlar. Gyş dowründe saryýag guýlan küýzeleriň
içindäki ýag doňup galýar eken. Gyş paslynyň tamam bolandygyny-bolmandygyny saryýagly küýzeleriň üsti bilen bitipdirler. Öýüň ýaşulusy: «Keýwany, saryýagly küýzäniň agzyny açyp gör, eräpdirmi?» diýip, soraýan ekeni. Saryýag eran bolsa, onda togsan dolup, ýere ýyly gidendigini aňladypdyr. Şondan soň mallar ýaz ýurduna sürlüp başlanylypdyr.
Çarwa halkynyň arasynda «sazak ýaran gara ýel» diýen gürrüňem bar. Sazak ýaran ýel fewral aýynyň 12-sinden soň bolup geçýär. «Sazak ýaran gara ýel» diýlip günbatar-demirgazyk tarapdan öwüsýän güýçli ýele we sazaklaryn pürleriniň pyntyk ýarmagyna aydylýar.
Söz ussady Magtymguly atamyzyň «Çille dolup, garlar gyşdan aýrylsa» ýa-da halk nakylynda «Gaňtar agsa, gar durmaz» diýlişi ýaly, türkmeniň aý-gün hasaby boýunça fewral aýynyň 21-nde gyş gutaryp, togsan dolýar. Turkmen halkynyň çarwa hasaby boýunça aňzak gyş gutaryp, pasyllaryň soltany ýaz başlaýar. Bu hasaba «togsan doldy», şeýle hem «çarwa nowruzy» diýüýär.
Çarwa nowruzy fewral aýynyň 22-sinden tä mart aýynyň 20-sine çenli dowam edýär. Çarwa halky bu döwri «ýelin aýy» diýip hem atlandyrýar. Bu döwürde çarwalaryň, çopandyr çoluklaryň işi özüne ýetik boiýar, owlak-guzy alynýar.
Gözel ANDAMURADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň
1-njy ýyl talyby.
Teswirler