Öz Watanyň Garaşsyzlygyna, baky Bitaraplygyna, berkararlyk kuwwatyna, il-ýurt abadançylygyna, rowaçlygyna, toý-baýramly günlerde guwanmak nähili buýsançly! Diýarymyzyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy – bu biziň mizemez gymmatlyklarymyzdyr. Häzir olaryň nurly alamatlary biziň durmuşymyza bagtyýarlyk nuruny çaýdy. Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk bize hoşniýetli, watansöýüji halkymyza parahat, asuda durmuşy berdi. Bu günki günde agzybir ilimiziň kalbynda Watanyna bolan buýsanjy aýdyň görüp bolýar.
Şan-şöhraty artyp, at-owazy barha dabaralanýan ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda täze ösüşlere eýe bolýar. Bu belent ösüşler eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryna, halkymyza, ýurdumyza bolan çäksiz söýgüsine beslenendir. Eziz Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar ähli raýatlarymyz üçin juda buýsandyrjydyr.
,,Türkmenistan – rowaçlygyň Watany’’ýylynda ýurdumyzyň dost-doganlyk gatnaşyklary barha pugtalanýar. Biz Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer daşary we içeri syýasaty bilen täze taryhy şertlerde bütin dünýäde meşhurlyk gazanýandygyna tüýs ýürekden guwanýarys.
Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk şanly mukaddes senelerimiz ,,Türkmenistan – rowaçlygyň Watany’’ ýylynda hem uly toý, uly dabara bilen toýlanýar. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk her bir Türkmenistanly üçin deň derejeli beýik mukaddeslikdir. Biziň üçin eziz hem gymmatly bu düşünjeler bölünmezdir, bütewidir we egsilmezdir. Ýurt Garaşsyzlygymyzy we hemişelik Bitaraplygymyzy mähriban Watanymyzyň goşa ganaty hasaplanýan Arkadagymyzyň öz halkyny bedew batly ösüşleriň täze, ygtybarly hem sagdyn ýoly bilen belentliklere tarap ynamly alyp barýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara, üstünliklere beslensin!
Ýoldaşowa AÝLÄLE,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Teswirler