Halkara Nowruz baýramy, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan we Diýarymyzyň gözelligine aýratyn öwüşgin çaýýan şanly toýlaryň biridir. Dana pederlerimiz bu baýramyň ähmiýetini “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz”, “Ýylyň gelşi Nowruzdan bellidir” we “Nowruz gelse, buz durmaz” ýaly parasatly nakyllarda beýan edipdirler.
Türkmen halkynyň senenamasynda aýratyn orny eýeleýän Nowruz baýramy gadymdan gelýän däp-dessurlar bilen baýlaşdyrylýar. Uly şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýän bu baýramyň terbiýeçilik ähmiýeti hem örän uludyr. Halkyň ýagşy niýetlere ýugrulan isleg-arzuwlary hem şu baýramçylyk bilen bagly dessurlarda jemlenýär.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hem ýurdumyzda Halkara Nowruz güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Türkmen şahyrlarynyň şygyrlarynda, bagşy-sazandalarynyň owazlarynda waspy ýetirilýän bu baýram, gadymy Oguz ýaýlalaryny haly göllerini ýadyňa salýan gül-gunçalar bilen bezäp, türkmen topragyna özboluşly öwüşgin çaýýar.
Şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş beren hem-de milli mirasymyzy umumadamzat gymmatlyklary derejesine göteren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy
we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler