Öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gelýän Nowruz baýramy bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň, ýol-ýörelgeleriň gadyr-gymmatyny gaçyrman, biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly many bardyr. Barlyga jan berýän bu döwürde ata-babalarymyz birek-biregi ýazyň gelmegi bilen gutlap, ýylyň bereketli, rysgally bolmagyny arzuw edipdirler. Bu häzirem şeýle, ene topragyň diline düşünýän babadaýhanlarymyz ýagşy dilegler bilen topraga tohum sepip, her bir dänäniň müň bolmagyny arzuwlap, täze hasylyň düýbüni tutmaga girişýärler.
Nowruz baýramyny türkmenler has irki döwürlerde hem, beýleki halklar ýaly, şatlyk-şowhunly belläpdirler. Halkymyz bu baýramy milli baýram hökmünde şeýle häsiýetlendirýär. Taryhy maglumatlara görä, Oguz han dünýä gelende, baglar gül açyp, daragtlar we ösümlikler al-ýaşyl öwsüp, tebigat janlanyp, ýaşyl begrese bürenýär. Dünýä ýüzüne gudratly şowhun ýaýraýar. Ençeme ýyllardan soň edil şol möwsümde Oguz han Türkmen duşmanlaryny ýeňip, Talas şäherinden Buhara şäherine çenli aralygy eýeleýär. Şondan soň ýeňşiň hormatyna, her ýyl şol günde dabaraly baýram edilip, ýörite däp-dessurlar ýerine ýetirilipdir. Şol güne «Oguz gün» diýip, at beripdirler. Taryhdan mälim bolşy ýaly, pasyllaryň ählisi älem giňişligindäki saýýaralaryň hereket kanunlary, tebigat hadysalary bilen häsiýetlendirilip, pasyllaryň döreýşi Ýeriň, Aýyň, Günüň ýyllyk hereketlerine görä kesgitlenilip, gadymy döwürlerde Aýyň, Günüň aýlanyş hereketlerine esaslanyp ýylnamany (kalendary) döredipdirler. Tebigatyň janlanmagy, ýaş bugdaýy ösdürip ýetişdirmek hasyllylygyň nyşany hasaplanypdyr.
Milli Liderimiz: «Nowruz baýramy halklaryň arasynda özara düşünişmäge, birek-birege hormat goýmaga we agzybirligi berkitmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, bu gadymy baýramy halkymyz ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşmak, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini ösdürmek baradaky asylly däpleri mynasyp dowam edip, agzybirlikde we jebislikde garşy alýar» diýip belleýär. Nowruz baýramy 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Efiopiýanyň Addis-Abeba şäherinde geçirilen Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 11-nji mejlisiniň barşynda Owganystan, Azerbaýjan, Hindistan, Eýran Yslam Respublikasy, Yrak, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe döwletleriniň bilelikdäki başlangyjy bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa Nowruz baýramynyň parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini ündeýän baýramdygyny ýene bir gezek äşgär etdi.
Goý, türkmen ýaýlalaryna kükräp-kükräp gelen ýazlar kalplara mylaýymlyk, öý-ojaklara rysgal-döwlet hem abadançylyk getirsin!
Jennet ILAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Psihiatriýa, narkologiýa we medisina
psihologiýasy kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler