Nowruz- parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy

Her bir millet öz milli gymmatlyklaryna goýýan hormaty bilen bakylygyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda: “Asyrlaryň dowamynda türkmen toý-baýramlarynyň özboluşly dessurlary hem-de olary berjaý etmegiň tertip-kadalary kemala gelipdir. Şolaryň biri-de Oguz han-begleriniň we Seljuk soltanlarynyň döwründen bäri rowaçlanyp gelýän, tebigatyň goýnundaky ajaýyp ýaýlarda geçirilýän toý däpleridir” diýip belleýär. Hakykatdan-da, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan gadymy däp-dessurlaryň ençemesi tebigat bilen baglanyşyklydyr. Şolaryň arasynda aýratyn ähmiýete eýe bolan baýramlaryň biri-de Milli bahar baýramy – Nowruz günüdür.

Nowruz baradaky ilkinji maglumatlara zoroastrizmiň mukaddes kitaby “Awesta” hem-de Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” eserlerinde duş gelmek bolýar. Şeýle-de, Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleri Abu Reýhan Birunynyň “Geçen asyrlardan galan ýadygärlikler”, Omar Haýýamyň “Nowruznama” atly eserlerinde bu baýram barada giňişleýin maglumat berilýär.

Bahar paslynyň gelmegi bilen, ýurdumyzda gadymy döwürlerden bäri bellenilip gelinýän Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Bu baýramyň esasy manysy adamlaryň arasyndaky dostlugy, doganlygy, hoşniýetliligi hem-de birek-birege bolan ynamy berkitmekdir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanda bagtyýarlygyň, egsilmez berekediň hem-de bolçulygyň nyşany bolan Nowruz baýramy uly joşgun bilen bellenilýär. Täzelenişi alamatlandyrýan bu mukaddes baýramyň hemmeleriň durmuşyna abadançylyk, bagt we rysgal-bereket getirmegini arzuw edýäris!

Annagözel ATAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy
we gigiýena kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok