Güýzlük arpanyň seleksiýasy ylmy esasda alnyp barylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan oba hojalyk ulgamynyň, şol sanda gallaçylyk pudagynyň güýçli depginler bilen ösdürilmegine uly üns berilýär. Pudagyň ylmy esasyny üpjün etmek maksady bilen däneli ekinleriň, şol sanda güýzlük arpanyň hem ýokary hasylly, täze sortlary döredilýär. Mälim bolşy ýaly, arpa bugdaýdan soň uly isleg bildirilýän dänelik, azyklyk, ot-iýmlik we tehniki ekindir. Arpanyň dänesiniň düzüminde ortaça 12 göterim belok, 5,5 göterim kleçatka, 64,6 göterim azotsyz organiki maddalar, 2,1 göterim ýag, 13 göterim suw we 2,8 göterim kül elementleri saklanýar. Arpa gaýtadan işleýän pudaklar üçin hem gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Ondan ýarma, un, spirt alynýar we kofeniň ornuny tutujylary taýýarlamakda giňden ulanylýar. Arpanyň samany, dänesiniň daşyndaky harpygy oba hojalyk mallary üçin ýokumly iýmit maddalaryna baý ot-iým hasaplanylýar.

Arpa ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde kadaly ösüp, ýokary hasyl bermäge ukyply ekindir. Onuň tohumlary 1-20С ýylylykda hem gögerip bilýär, gysga wagtlaýyn aýaza çydamly bolup, ýeri özleşdirmekde oňat netije berýär. Şeýle hem, arpa gurakçylyga durnukly ekin bolup, onuň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ösüş döwründe berilýän suwuň möçberiniň hem-de mineral dökünleriň kadasynyň ylmy esasda ýola goýulmagy möhümdir. Bu bolsa topragyň organiki we mineral maddalar bilen baýlaşmagyna, agrohimiki-agrofiziki häsiýetleriniň gowulanmagyna hem-de hasyllylygyň ýokarlanmagyna amatly şertleri döredýär.

Arpadan ýokary hilli däne hasylyny almagyň möhüm şerti hökmünde ösdürilip ýetişdirilýän sebit boýunça maslahat berilýän ähli agrotehniki çäreleriň bellenilen möhletlerde, talabalaýyk ýagdaýda ýerine ýetirilmegi çykyş edýär.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda beýleki oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda arpanyň ýokary hasyl berýän, birnäçe gymmatly alamatlary özünde saklaýan, kesellere, zyýankeşlere, baldagyň ýykylma hadysasyna durnukly sortlaryny döretmek boýunça ýörite ylmy tejribeler geçirilýär. Häzirki wagtda arpanyň seleksiýasy boýunça alnyp barylýan ylmy tejribelerde ýerli we daşary ýurtlardan getirilen birnäçe sortlar, gibridler bäsleşik sort synagy meýdançasynda, täze ugurlaryň deslapky sort synagy meýdançasynda düýpli öwrenilip, tohumlary köpeldiş meýdançasynda arassa nesillik tohumlary köpeldilýär we olaryň arasyndan hojalyk taýdan gymmatly alamatlary bilen tapawutlananlary seçilip alynýar.

Soňky ýyllarda seleksiýa işleri netijesinde arpanyň “Hasylly” we “Döwrebap” sortlary döredildi hem-de döwlet synagyny geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkezine tabşyryldy.

Arpanyň “Hasylly” sorty bäsleşik sort synagynyň maglumatlarynagörä, 3 ýyldaky hasyllylygy gektardan 50,3 sentner bolup, deňeşdirilýän Sona sortundan gektardan 8,7 sentner köp hasyl berdi. Sortuň ösüş döwri 185-200 gün, sowuga çydamlylygy 8-9 bala, ýykylma garşy durnuklylygy 5 bala deň. Bu sort unçaň, sary we goňur pos kömelek, tozanly hem-de gaty baş keselleri bilen kesellemeýär. Dänesiniň düzüminde 9-11 göterim belok, 50-55 göterim krahmal saklanýar.

“Döwrebap” sortunyň 3 ýyldaky ortaça hasyllylygy 55,8 s/ga deň boldy, ýagny deňeşdirilýän nusgalyk (standart) Sona sortundan 13,5 s/ga artyk hasyl alyndy. Sortuň ösüş döwri 185-200 güne deň. Sowuga çydamlylygy 8-9 bal, baldagyň ýykylma hadysasyna durnuklylygy 4-5 bal bolup, gurakçylyga ýokary çydamlydyr. Unçaň, sary we goňur pos kömelek, tozanly hem-de gaty garabaş keselleri bilen kesellemedi. Dänäniň beloklylygy 9-11 göterime, krahmallylygy 50-55 göterime deň. Bu sortlary Türkmenistan ýurdumyzyň ähli sebitlerinde güýzlük möhletde ösdürip ýetişdirip bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda gallaçylyk pudagyny ösdürmek boýunça amala aşyrýan taýsyz tagallalary, beýik işleri netijesinde Ylmy-barlag däneçilik institutymyzyň alymlary tarapyndan däneli ekinleriň bol hasylly, gyşa, kesellere we zyýankeşlere durnukly sortlaryny döredip, bol hasylyny ýetişdirmek babatda alnyp barylýan ylmy işler we bu ugurda gazanylýan netijeler ýurdumyzda durnukly azyk bolçulygyny döretmäge uly ýardam eder diýip berk ynanýarys.

Gülistan ARAZOWA,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň
Ylmy-barlag däneçilik institutynyň ylmy işgäri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok