Golaýda, ýagny 31-nji ýanwarda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda «akylly» şäheriň jemagat hojalygy gulluklarynyň işi üçin niýetlenip satyn alnan täze tehnikalar bilen tanyşdy. Olaryň tehniki aýratynlyklaryna ýokary baha berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgady bolan täze tehnikalaryň gelip gowuşmagy Arkadag şäheriniň durmuşynda möhüm wakalaryň biri boldy.
Kämil tehnikalar Arkadag şäherinde abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirmek bilen, şäheriň çäklerinde arassaçylyk hyzmatlaryny üpjün edip başlady. Olarda oturdylan enjamlar arassaçylygy ýokary derejede saklamaga, köçeleri we desgalaryň daş-töweregini abadanlaşdyrmaga niýetlenendir. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň soňky gazananlary esasynda enjamlaşdyrylan täze tehnikalar şäheriň köçelerini arassalamakda, degişli işleri geçirmekde ýokary hilli çözgütdir.
Teswirler