Hallynyýaz Babaýew – «GDA-nyň iň gowy talyby»

Ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň hem-de «Bilim orkenieti» milli innowasiýa-barlag merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby — 2024» atly halkara bäsleşikde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň nebit senagaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hallynyýaz Babaýew iň ýokary netije gazanyp, «GDA-nyň iň gowy talyby — 2024» diýen ada mynasyp bolmagy başardy.

Hallynyýazyň Arkalaşygyň çäginde ylym-bilimiň, sungatyň, sportuň ösmegine goşan goşandyna emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi. Şunlukda, oňa «Bilim orkenieti» milli innowasiýa-barlag merkezi tarapyndan I derejeli diplom, «GDA-nyň iň gowy talyby» atly heýkeljik hem-de döşe dakylýan nyşan, GDA döwletleriniň talyplary bilen aragatnaşyk saklamakda we ýaşlar syýasatyny ösdürmekde goşýan goşandy üçin degişli şahadatnama gowşuryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok