Türk­me­nis­tan­da 2025-nji ýyl­da 3 million düýp bag nahaly ekiler

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek, onuň gö­zel te­bi­ga­ty­ny has-da baý­laş­dyr­mak, şeý­le hem “Türk­me­nis­ta­nyň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­ny” üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da 2025-nji ýyl­da sa­ýa­ly, pür­li, mi­we­li bag­la­ryň we üzü­miň, şol san­da:

mi­nistr­lik­le­re, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­na, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri­ne hem-de beý­le­ki eda­ra­la­ra 1,5 mil­lion düýp na­ha­ly­nyň;

we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­ne 1,5 mil­lion düýp na­ha­ly­nyň ekil­me­gi­ni üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.

Mi­nistr­lik­ler, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, we­la­ýat­la­ryň, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri mi­we­li bag­la­ryň, üzüm na­hal­la­ry­nyň aý­ra­tyn kes­git­le­nen ýer bö­lek­le­rin­de gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ekil­me­gi­ni hem-de eki­len sa­ýa­ly, pür­li, mi­we­li bag we üzüm na­hal­la­ry­nyň dam­ja­la­ýyn usul­da su­wa­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge borç­ly edil­di. Şeý­le hem res­mi­na­ma bi­len, Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­ne, beý­le­ki mi­nistr­lik­le­re, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­na, we­la­ýat­la­ryň, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri­ne ýe­ter­lik muk­dar­da üzüm we üç ýyl­lyk bag na­hal­la­ry bi­len üp­jün et­mek hem-de ola­ryň eki­li­şi­ne, ideg edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek tab­şy­ryl­dy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok