“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, etraplarda we şäherlerde durmuş, ykdysady, medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda çykaran 698-nji Buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby 2024-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we Sakarçäge etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi.
Teswirler