Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilim işgärleriniň makalalarynyň, hekaýalarynyň we goşgularynyň iň gowularyny çap etmegi nazarda tutup, «Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýärler.
BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY
I. Umumy düzgünler.
1. Bäsleşigiň maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi we milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda edilýän tagallalary, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň hem-de çuňňur manyly eserleriniň, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetini, hemişelik Bitaraplygyň halkymyza beren bagtyny makalalarda, hekaýalarda we goşgularda açyp görkezmekden ybarat.
2. Bäsleşige hödürlenilýän işlerde hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamlarynda gazanylan beýik ösüşler beýan edilmelidir. Şeýle hem bäsleşige hödürlenilýän işlerde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ýol-ýörelgelerimize daýanyp, ýaş nesli watançylyk we ajaýyp zamanamyza buýsanç ruhunda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti wasp edilmelidir. Şonuň ýaly-da, parahatçylyk söýüjilikli ýolumyzy, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini wasp etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
3. Bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan ähli bilim işgärleri gatnaşyp bilerler.
II. Bäsleşigiň şertleri.
Bäsleşik üç ugur boýunça geçirilýär:
— iň gowy makalalar;
— iň gowy hekaýalar;
— iň gowy goşgular.
Bäsleşige hödürlenilýän makalalar, hekaýalar we goşgular döredijilik işlerine bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir, çeperçilik, many-mazmun taýdan ýokary derejede bolmalydyr.
Bäsleşige ozal çap edilmedik döredijilik işleri hödürlenmelidir.
Bäsleşige hödürlenilýän işler çap edilen hem-de elektron göterijide bolmalydyr. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän bilim işgäri familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, doglan senesini, wezipesini, ylmy derejesini, iş we öý salgysyny hem-de telefon belgisini görkezmelidir, döredijilik işini «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasyna gowşurmalydyr.
III. Bäsleşigi geçirmegiň we onuň jemini jemlemegiň tertibi.
Bäsleşige hödürlenilen işler bilim we döredijilik işgärlerinden düzülen ýörite topar tarapyndan seljeriler. Eserleriň has tapawutlananlary «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap ediler.
Bäsleşigiň jemi Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda — dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde jemlener.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary bilen sylaglanarlar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-96-48, 39-96-40.
Gazetiň elektron poçtasy: mugallymlar-gazeti@sanly.tm
Teswirler