Täze galkynyşyň bady bilen nurlanýan ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler badalga alýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda döwletimiz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän deňhukukly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine saldamly goşant goşýar.
Ýurdumyz halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň çäklerinde-de işjeň gatnaşyklary barha berkidýär, döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat, saglygy goraýyş we beýleki ugurlardaky halkara derejesindäki başlangyçlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ýardam berýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli öňde durýan möhüm ähmiýetli çäreler hem-de wezipeler kesgitlenildi. Döwletimiz bilen daşary ýurtlaryň arasynda döredilen hökümetara toparlaryň işlerini has-da pugtalandyrmak, eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça daşary ýurtlaryň döwlet edaralary, kompaniýalary we halkara ykdysady, maliýe guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çärelere orun berilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary hem döredildi. Şu ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we ýylyň şygaryna bagyşlap, aýdym-sazly dabaralar, ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlary guramaklyk göz öňünde tutulýar, halkara derejesindäki çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin hem ähli zerur işler ýerine ýetirilýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, dost-doganlygy, ynsanperwerligi, parahat söýüjiligi, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigini we bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä aýdyň äşgär eder.
Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylyk söýüjiligi ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog, ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýan daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleridir. Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna goşulyşmaga, wajyp meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmaga esaslanýar. Türkmenistan saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýermek bilen, giň gerimli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin zerur şertleriň döredilmegine hemmetaraplaýyn goşant goşmagy maksat edinýär we bu ugurda yzygiderli tagallalary edýär. Halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändiginiň, ýurdumyzyň at-abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň nyşany bolan ýene-de bir şatlykly waka kalplara ornady. Mälim bolşy ýaly, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga, ýaş ýetginjek eminleriň, Italiýanyň sirkiniň, festiwalyň tomaşaçylarynyň, Hindistanyň sirkiniň baýraklaryna hem-de Monte-Karlo 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň şahadatnamasyna mynasyp boldy. Munuň özi Diýarymyz Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygy we şanly ýylymyzyň şygary mynasybetli geçiriljek dabaralary zähmet üstünlikleri, sebit hem halkara derejede abadançylygyň, rowaçlygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bilen garşy alýan günlerinde Milli Liderimiziň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň sirk sungatynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge, döwletimiziň halkara abraýyny belende götermäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň hem-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” – beýik ösüşleriň dowamaty boljakdygynyň aýdyň beýanydyr.
Jemal MÄMMEDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Roman-german dilleri we edebiýaty
fakultetiniň Iňlis dili we edebiýaty
hünäriniň IV ýyl talyby.
Teswirler