Nesil terbiýesinde millilik ýörelgeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan milli ýol-ýörelgelerimiziň biri bolan nesil terbiýesine uly üns bermek, milliligimizi nesilden-nesle geçirmek we ony ýaş nesliň arasynda giňden wagyz etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çünki ýurt ykbaly, ata Watanyň nurana geljegi milliligine, şöhratly taryhyna sarpa goýýan kämil ýaş nesle baglydyr. Nesil terbiýesi türkmen maşgalasynyň milli ruhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli ýörelgelerini başynyň täjine deňeýän türkmen maşgalasy öz perzentlerini merdana ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlaryň, pähim-parasatlarynyň esasynda terbiýeäp gelipdir. Ýaş nesliň milliligine bolan hormat-sarpasy, türkmeniň ahlak däpleri diňe bir ynsanperwerligiň alamaty bolman, döwletliligi, buýsanjy hem guwanjy alamatlandyrýar.

Ýaşlaryň milli häsiýetde terbiýelenmegi esasynda olaryň giň dünýägaraýşy, watansöýüjiligi kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlar boýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr» diýen parasatly sözlerini ýörelge edinmek bilen, biziň her birimiz yhlasly zähmet çekmelidiris. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu parasatly sözlerinde ýaşlary terbiýelemegiň hem-de olara döwrebap bilim-terbiýe bermegiň anyk ýollary kesgitlenilendir.

Merdana türkmen halkynyň şöhratly taryhynda şahyrlar, alymlar, ýazyjylar pähimdar pederlerimiziň watansöýüjilik ýörelgeleriniň gadyr-gymmaty, Watan mertebesi barada ençeme eserleri, kitaplary ýazyp, halkymyzyň durmuş tejribesini, ruhy baýlygyny geljek nesillere ýetiripdirler. Şeýle taryhy kitaplarda nesil terbiýesi, halallyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, watansöýüjilik ýaly asylly ýörelgelerimiz giňişleýin beýan edilýär. Döwletmämmet Azadynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Mämmetweli Keminäniň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki dana akyldarlaryň öwüt-ündewli şygyrlary  çeper edebiýatymyzyň baý hazynasy bolup, nesil terbiýesinde örän gymmatly mirasdyr, egsilmez hazynadyr.

Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmegi, jemgyýetiň ileri tutýan ýörelgesi bolup, munuň hem asylky manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi bardyr» diýip beýan edilýär. Watansöýüji ýaşlary kemala getirmek hem milli terbiýämiziň düýp beýanydyr. Perzendiň şeýle asylly ýörelgelere eýermegi, Watany, il-güni söýmegi, ata-enä belent sarpa goýmagy terbiýäniň asyllylygydyr, aýratynlygydyr.

Milli terbiýe hakynda aýdylanda perzendiň ene-atanyň öňündäki borçlary, ylym-bilim öwrenmek ýaly ýörelgeler çeper edebiýatymyzyň baýlygyny, milli terbiýämiziň asylly ýörelgelerini açyp görkezýär. Çeper edebiýatymyzyň baý mazmunly eserlerinden, nakyllardan peýdalanyp ýaşlary terbiýelemek biziň her birimiziň baş maksadymyz bolmalydyr.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly eserinde hem “Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň – döwletliligiň eýesidir” diýip belleýär. Her bir asylly ýörelgäniň dowam etdirilmegi eneleriň görüm-göreldesi, öwüt-ündewi netijesinde amala aşýar. Şonuň üçin ýaş gyzlaryň arasynda öwüt-ündew, terbiýeçilik ähmiýetli çäreleriň yzygider geçirilmegi möhümdir. Her bir gyz maşgalanyň gylyk-häsiýetini gözelleşdirýän, eli çeper bolup ýetişmegine itergi berýän türkmeniň terbiýe mekdebi elbetde, el işleri, keşdeçilik sungaty bolsa gerek. Ene-mamalarymyzdan miras galan ajaýyp el işleri biziň milli baýlygymyz, ebedi mirasymyzdyr. El işleri gyz-gelinlerde sabyr-kanagatlylygy, arassa ahlaklylygy, sylag-hormaty terbiýeleýär. Munuň netijeli häsiýeti biziň gündelik durmuşymyzda hem görlüp gelinýär. Maşgala bagtyýarlygynyň ähli zatdan ileri tutulýan ýurdumyzda terbiýäniň düýp binýady maşgaladan başlanýar. Ahlak taýdan berk, ruhy taýdan belent nesil islendik döwletiň mizemez baýlygydyr. Berkarar döwletimizde biz ylymly-bilimli, akylly-başly, edepli-ekramly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ruhubelent nesliň terbiýe meselesine aýratyn ähmiýet bermelidiris. Bu babatda wagyz-nesihat çärelerini, terbiýeçilik babatdaky duşuşyklary geçirmeklik bilen ýurduň nurana geljegi bolan ruhubelent nesliň kemala gelmegine mynasyp goşant goşmalydyrys.

Jennet NARMURADOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Roman-german dilleri we edebiýaty we
olary okatmagyň usulyýeti
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok