Lebap welaýatynda geçirilen usuly-amaly okuwlar milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda möhüm ädim bolup durýar. Bu çäreler “Bilim – kämilligiň binýady” şygary astynda geçirilip, çagalar baglarynyň we umumybilim mekdepleriniň mugallymlary üçin niýetlenildi.
Okuwlaryň dowamynda bilim işgärleri dürli toparlara bölünip, pedagogiki psihologiýanyň häzirki zaman tejribelerini öwrenmäge we olary öz iş tejribesine ornaşdyrmaga mümkinçilik aldylar. Çagalaryň aň-paýhas, beden we ruhy taýdan kämilleşmegi üçin täze usullar öwredildi.
Mugallymlar bu okuwlaryň, esasan, sapaklaryň hilini ýokarlandyrmaga we çagalaryň bilim alşynda netijeli çemeleşmeleri kesgitlemäge ýardam edendigini nygtadylar. Şeýle hem, Lebap welaýatynda geçirilen çäreler bilim ulgamynda döwrebap innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna we bilim işgärleriniň täze iş usullaryny özleşdirmelerine itergi berdi.
Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky tagallalar döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Lebapda geçirilen okuw maslahatlarynyň bu ugurda açan mümkinçilikleri bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm orny eýeleýär.
Bilim işgärleri ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş bildirdiler.
Teswirler