17-19-njy mart aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan sergi we “Türkmenistanyň geljegine maýa goýmak” atly halkara forum geçiriler. Bu çäre hususy pudaga halkara maýa goýumlaryny çekmek we innowasion taslamalary durmuşa geçirmek üçin möhüm meýdança hökmünde guralýar.
Türkmenistan döwlet habarlar gullugynyň habaryna görä, forumda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlary boýunça döwrebap maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen, maýadarlar, işewürler we halkara kompaniýalaryň wekilleri gatnaşar. Şeýle hem, sergide Türkmenistanyň hususy sektorynyň gazananlary, täze önümleri, tehnologiýalary we eksport ugurlary görkeziler.
TSTB-niň döredilen döwründen bäri, onuň esasy wezipesi ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde telekeçiligiň ornuny ýokarlandyrmak, täze iş ýerlerini döretmek we milli önümçilige goldaw bermek bolup durýar. Bu ýylky çäreler hem telekeçiligi ösdürmegiň täze ugurlaryny we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda ähmiýetli orun eýeleýär.
Foruma gatnaşyjylar halkara maýa goýumlary çekmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ýollaryny maslahatlaşarlar. Şeýle hem, sergi hem-de forum bilen bir hatarda, degişli resminamalar we ylalaşyklar gol çekmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň ykdysadyýetini köpugurly esasda ösdürmek we maýa goýumlary çaltlandyrmak ugrunda geçirilýän bu çäreler milli Liderimiziň öňe sürýän strategiýasynyň bir bölegi bolup, durnukly ösüşe, innowasiýalara we halkara hyzmatdaşlygyna itergi berer.
Bu çäräniň dowamynda hususy sektory ösdürmegiň mümkinçiliklerini içgin öwrenmek bilen, Türkmenistanyň dünýä bazarynda öz ornuny has-da pugtalandyrmagyna garaşylýar.
Şahnoza ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler