2024-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda talyp ýaşlaryň arasynda “Kitap Bilimiň Çeşmesi” atly ylmy-döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşik, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine wepaly, giň dünýägaraýyşly, bilimli, hem-de milli ruhly ýaş nesli kemala getirmek maksady bilen guraldy. Şeýle-de, talyp ýaşlaryň kitap okamaga bolan höweslerini ösdürmek, durmuş tejribelerini baýlaşdyrmak, taryhy şahsyýetleriň mirasyny wagyz etmek we olary geljekki nesillere ýetirmek bäsleşigiň esasy ugurlary boldy.
Ýurdumyzyň 15 sany ýokary okuw mekdebinden her biri 4 talypdan ybarat toparlar bu bäsleşige gatnaşdy. Jemleýji tapgyrda eminler topary zehinli talyplaryň çykyşlaryny seljerip, iň gowy toparlary saýlady.
Bäsleşigiň jemleýji netijesi:
- I orun: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty.
- II orunlar:
- Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty.
- Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti.
- III orunlar:
- Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti.
- Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty.
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty.
- Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty.
Bäsleşigiň eminler toparyna “Zenan kalby” žurnalynyň bölüm redaktory Ogulgözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Kakajan Baýramow, hem-de Dil edebiýat we milli golýazmalar institutynyň wekili Geldimyrat Muhammedow ýolbaşçylyk etdiler.
Ýeňijilere Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Dabaraly baýrak gowşurylyşy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mejlisler zalynda geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm
Jeýhun DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
Teswirler