Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz okyjylaryna peşgeş berýän gyzyldan gymmatly kitaplary uly gyzyklanma döredýär. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen iline gymmatly sowgady bolan ýene bir täze kitaby — “Hakyda göwheri” atly kitaby çapdan çykdy. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitabyň halkymyzyň ýankitabyna öwrüljekdigi we Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp kitaplarynyň hatarynda mynasyp orny eýelejekdigi guwandyrýar.
Gadymy halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan baý taryhy bar. Kitapda merdana ata-babalarymyzyň şan-şöhrata beslenen ýoly çeper beýan edilýär. Bu ajaýyp kitabynda Gahryman Arkadagymyz köp asyrlyk geçmişli halkymyzyň dünýä ösüşine goşan goşandy, taryhda yz galdyran görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri barada taryhy maglumatlaryň üsti bilen gyzykly gürrüň berilýär. Milli Liderimiziň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp kitaby türkmen halkynyň gadymy taryhy durmuşyndan söhbet açýan ylmy garaýyşlaryň täsirli beýanydygy hem uly gyzyklanma döredýär.
Kitap gadymy oguz edebiýatyny öwrenmekde-de gymmatly çeşmä öwrüler. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu kitaby ýazmakdan öň ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen dürli kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär.
Türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, milli mirasyna, gadymy gymmatlyklaryna belent hormat-sarpa goýýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys.
Merjen AÝTMEDOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurtdillerine
ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň
surat-çyzuw mugallymy.
Teswirler