Soňky ýyllarda diňe biziň öz ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde ekologiýanyň meseleleri adamzat saglygyna möhüm täsir edijileriň biri hökmünde uly ünsi özüne çekýär. Adam elmydama tebigat bilen özara arabaglanyşykda ýaşaýar. Adam tebigatyň önümi bolmak bilen öz ömrüniň bütin dowamynda tebigatdan peýdalanýar. Şunlukda belli bir derejede daşky gurşawa özüniň ýaramaz täsirini ýetirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyna, ekologiki taýdan arassa we howpsuz azyk önümleri bilen üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda adamzadyň ýaşaýan ýeri bolan daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Haýwanat dünýäsini goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsini goramak hakynda”, “Biodürlülik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, “Tokaý kodeksi”, “Suw kodeksi” ýaly kanunçylyk namalary hereket edýär. Bu barada Alym Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy esasynda neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly dürdäneler kitabynda şeýle parasatly jümleler getirilýär: “Arykdan suw akar, daýhana Hudaý bakar”, “Agaç ýok ýerinde gamyşam ”,”, “Akrap geler gygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp”, “Andyzly öýde at ölmez, egrijeli öýde – är”, “Bagym bar, barym bar”, “Bir nahal ekseň, ýaşyň baky”, “Çille gary – ýeriň gany”, “Daýhanyň hazynasy – ýer, suw”, “Garyň känligi – gallaň bollugy”, “Güýzüň gelşi, ýazyndan belli”, “Hut geldi – gurt geldi”, “Leýsan ýagmyry rehmet getirer”, “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz”, “Ülker ýaşdy – gyş, dogdy tomus”, “Ýaz aksyz bolmaz, güýz göksüz”.
Daşky gurşawyň her bir aýratyn bölegi adam saglygyna gönüden-göni täsir edýär. Şonuň üçin hem adam hakda alada ilkinji nobatda daşky gurşawy goramakdan başlanýar. Çünki arassa gurşaw – adam saglygynyň esasy özenidir. Adamzat tarapyndan kabul edilýän iýmitiň, içimlik suwuň arassalyk standartlaryna gabat gelmegi, dem alýan howasynyň tämiz bolmagy şol gurşawda sagdyn ýaşamaga döredilen esasy şertlerdir.
Ýurdumyzda adam saglygy hakynda uly aladalar edip, birnäçe işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Ynsan saglygyny we daşky gurşawy goramakda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri rowaç alsyn!
Eziz Toýlyýew,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş
ylymlary kafedrasynyň mugallymy
Teswirler