Türkmenistan — raýatsyzlygy aradan aýran ýurt

Golaýda, paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, BMG-niň agentlikleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu giň gerimli çäräniň baş maksady Merkezi Aziýada «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç 10 ýyl mundan ozal — 2014-nji ýylyň noýabrynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolmagynda galýan we bütin dünýäde esasy hukuklardan, resmi taýdan ykrar edilmekden mahrum bolan, millionlarça adamyň ykbalyna täsir edýän raýatsyzlygy aradan aýyrmak üçin giň halkara hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde ýola goýuldy. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bu ählumumy meseläni çözmekde öňdebaryjy orny eýeleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gazananlary baradaky giňişleýin syn bilen tanyşdyryldy.

Ynsanperwerligiň ýokary taglymlaryna, demokratik ösüşiň, häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň ýörelgelerine ygrarly Türkmenistan dünýäde raýatsyzlygyň soňuna çykan ýurtlaryň biri boldy. Umumy pikire görä, raýatsyzlygy azaltmak we aradan aýyrmak boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli işler bu ugurda bar bolan halkara tejribäni has-da baýlaşdyrdy.

Güljennet BERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok