Berkarar Watanymyzda edebi mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlar hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Akyldar şahyr, dana Pyragynyň şahyrana mirasynyň ähmiýetini has-da dabaralandyrmak, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrülen çeper döredijiligindäki nusgalyk ýol-ýörelgeleri ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm görkeziji hökmünde sarpalamak esasy üns merkezinde saklanylýar. Muňa ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem dana Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy-da aýdyň şaýatlyk edýär. Mundan başga-da gözel paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe bolan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Şol forumyň çäklerinde hem hormatly Prezidentimiziň Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza akyldar şahyryň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň sowgat berlendigini bellemek örän buýsançly wakadyr.
Magtymgulynyň döredijilik mirasy, ajaýyp eserleri parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny giňişleýin wagyz edýär we medeniýetleriň arasyndaky köpri bolup hyzmat edýär. Halky agzybirlige, jebislige hem-de ruhubirlige çagyrmakda, bagtyýar geljege ruhlandyrmakda bu beýik söz ussadynyň bitiren hyzmatlary çäksiz hormata mynasypdyr.
Häzirki günde-de şahyryň edebi mirasy öz gymmatyny ýitirmän gelmek bilen, dünýä edebiýatynyň hazynasynda müdimilik orun alandyr. Onuň döredijilik mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek bilen bagly işler giň goldawa eýe bolýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz: «Ajaýyp şygyrlar bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip, örän jaýdar belleýär.
2023-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, ÝUNESKO-nyň baş maslahatynyň Pariž şäherinde geçirilen mejlisiniň dowamynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny 2024–2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň gatnaşmagynda bellenip geçiljek dabaraly çäreleriň sanawyna goşmak baradaky kararyň kabul edilmegi şahyryň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetiniň ykrarnamasydygyny äşgär edýär.
Umuman beýik söz ussadynyň goşgular ýygyndysynyň ermeni diline terjime edilmegi iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni hem-de dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda nobatdaky ädim boldy.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler