26-njy oktýabrda, Ispaniýanyň milli çempionatynda 11-nji tapgyryň esasy duşuşygy geçirildi. Onda “Real Madrid” bilen “Barselona” duşuşdy. “El-Klasiko” ady bilen tanalýan bu duşuşykda “Barselona” topary myhmançylykda esasy bäsdeşi “Real Madrid” toparyny 4:0 hasabynda utdy.
Duşuşykda Robert Lewandowski iki gezek tapawutlandy, şeýle hem Lamin Ýamal we Rafinýa tapawutlanmagy başardy.
Çempionatda 11 tapgyrdan soňra 10 gezek ýeňiş gazanyp, 1 gezek utulan “Barselona” topary 30 utuk bilen birinji orunda barýar. Onuň esasy garşydaşy “Real Madrid” topary 8 gezek utup, 3 duşuşykda deňme-deň oýnap, 24 utuk bilen ikinji orunda barýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, “El-Klasiko” duşuşyklarynda iň köp gol geçiren 18 gol bilen Lionel Messidir. Bu duşuşyklarda iň köp oýnan futbolçy Serhio Busketsdir. Ol 48 gezek “El-Klasikoda” çykyş etdi.
Erkin ÇEPIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler