Akyldar şahyryň döredijilik dünýäsi

Magtymguly Pyragy indi ençeme onýyllyklardan bäri milli söz sungatyna gadam goýan her bir döredijilik adamynyň ruhy halypasy hasaplanýar. Şonuň ýaly-da, onuň ruhy dünýäsi döwürdeş şahyrlarymyzyň-da ylham çeşmesine, göwün joşuna öwrüldi. Muňa Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Magtymgula tagzym» atly täze kitap hem aýdyň şaýatlyk edýär. Kitaba döwürdeş şahyrlarymyzyň Gündogaryň nusgawy şahyryna bagyşlap döreden murapbag, kasyda, nezire, rubagy, akro, tahmys ýaly dürli görnüşlerde ýazan goşgularydyr poemalary girizildi. Türkmen halky öz durmuş ýolunda elmydama öwüt-nesihatyň, wesýetiň we sargytlaryň ornuny aýratyn hasaplaýar.

Halkymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihata ýugrulan goşgularyny durmuşyň ýol-ýörelgesi hökmünde ulanyp gelipdir. Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat, gahrymançylyk we watansöýüjilige ýugrulan, ylym hem-de dünýä akyl ýetirmek baradaky jöwher paýhasy siňen şygyrlary — türkmen halkynyň milli mirasy hasaplanýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň döredijilik älemi bilen her bir ynsanyň göwnüni galkyndyrmagy başarýar. Halkymyzyň akyldar şahyra bolan beýik söýgüsiniň nyşanyna öwrüljek Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy hem ýokarda aýdylanlaryň üstüni ýetirýär.

Türkmen halky öz durmuş ýolunda elmydama öwüt-nesihatyň, wesýetiň we sargytlaryň ornuny aýratyn hasaplaýar. Halkymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihata ýugrulan goşgularyny durmuşyň ýol-ýörelgesi hökmünde ulanyp gelipdir. Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat, gahrymançylyk we watansöýüjilige ýugrulan, ylym hem-de dünýä akyl ýetirmek baradaky jöwher paýhasy siňen şygyrlary — türkmen halkynyň milli mirasy hasaplanýar.

Perman AGAMÄDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok