«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen «Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň bölümlerini, şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda açmak mümkinçiligini öwrenmek» wezipesini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekilçilikli topary ABŞ-daky abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmek boýunça häzirki wagtda iş saparynda bolýar.
Bu sapar Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, ylym-bilimi global düşünişmek ýoly bilen ösdürmek boýunça edilýän tagallalaryň bir bölegidir.
Kent döwlet uniwersiteti, Türkmenistan Bilim ministrligi we ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleri bilen bilim hyzmatdaşlygyny döretmek mümkinçiligini öwrenip başlamak barada şertnama baglaşdy.
Bu başlangyç Kent döwlet uniwersitetiniň dünýäde global düşünişmegi we parahatçylygy ösdürmek üçin bilimi ulanmak baradaky hemişelik borçnamasynyň bir bölegidir.
Gol çekmek dabarasyna Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi Meret Orazow, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri, Kent döwlet uniwersitetiniň prezidenti Todd Diakon, global bilim boýunça wise-prezident, ylymlaryň kandidaty Marselo Fantoni hem-de Kent döwlet uniwersitetiniň global bilim bölümi üçin programma dolandyryjysy we Ýewraziýa strategiýasynyň direktory Aýýa Hudaýbergenowa gatnaşdylar.
Şeýle hem ABŞ-daky Türkmenistanyň Ilçihanasynyň birinji sekretary we konsuly Şöhrat Pirmuhammedow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Nurmuhammet Şihlyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýew dagylar gol çekmek dabarasyna gatnaşdylar.
1910-njy ýylda mugallymçylyk mekdebi hökmünde esaslandyrylany bäri Kent döwlet uniwersiteti sebitde we ABŞ-niň Ogaýo ştatynda esasy uniwersitet hökmünde ykdysady, medeni we işçi güýjüni ösdürmek üçin hereketlendiriji güýç bolup gelýär. Kent döwlet uniwersiteti dowamly bilim kurslarynyň we başga-da köp aýratynlygy bilen hyzmat edýän jemgyýetleriniň we umuman jemgyýetiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin täze bilimleri ulanmak bilen meşhurlyk gazandy. Häzirki wagtda alty sany türkmen talyby Kent döwlet uniwersitetinde bilim alýar.
Kent döwlet uniwersiteti ýokary bilim pudagyny özgertmekde we globallaşdyrmakda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmekde, türkmen talyplarynyň ýokary bilim almak mümkinçiligini ýokarlandyrmak we ýurduň dünýä bilim jemgyýetine işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik döretmek üçin öz çeşmelerini we tejribelerini ulanmagy maksat edinýär.
Gol çekişlik dabarasyndan soňra Kent döwlet uniwersiteti we Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň türkmen diline, edebiýatyna we milli özboluşlylygyna bagyşlanan ajaýyp hem-de köp öwüşginli medeni çäräni geçirdiler. Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi M.Orazow bu çärä gatnaşyjylary gutlady we Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygyny belläp geçdi.
Bu döredilen mümkinçilikler üçin Watanymyzda halkara akkreditasiýa we dünýä derejesinde ykrar edilen ýokary bilim edaralaryny kemala getirmekde uly tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, mundan beýläk hem alyp barýan işleri rowaçlyga beslensin!
Amanmyrat Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy.
Teswirler