Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde köp ýyllaryň dowamynda bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döredendigini, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirip, ýaş heýkeltaraşlary terbiýelemekde bitiren giň gerimli işlerini, şekillendiriş sungatynda özboluşly mekdebi kemala getirendigini, ýurdumyzyň heýkeltaraşlyk sungatyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we döredijilikli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry.
Teswirler