Ýol hereketiniň howpsuzlygy – asuda durmuşa badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen eziz ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki ösüş hem özgeriş derejesi barha ýokarlanýar, asudalygyň mekany bolan Watanymyzda raýatlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. Muny ata Watanymyzyň her bir bagtyýar raýatynyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksatly edilýän işleriň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän kanunlar we kadalaşdyryjy hukuknamalar her bir raýatyň bähbitlerine laýyklykda kabul edilip, asuda hem bagtyýar durmuşyň binýat bolmagyna gönükdirilýär, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet gözegçiligi amala aşyrylýar.

Diýarymyzda her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyk geçirilýär, şonuň çäklerinde geçirilýän çäreler hem ýurt abadançylygyny saklamaga, ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine, ilatyň saglygyny gorap saklamaga gönükdirilendir. Şeýle-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça özboluşly täsirli çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar, ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça ýörite tassyklanan meýilnamalar esasynda ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça wagyz-nesihat çäreleri, sport ýaryşlary we «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgylary yzygiderli geçirilip, onda ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän ýaş nesiller üçin edilýän möhüm işleriň biridir.

Häzirki günde eziz diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda kabul edilen birnäçe maksatnamalarynyň esasynda bagtyýar ýaşaýjylaryň howpsuz we rahat ýaşamaklary üçin edilýän tagallalar “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem guramaçylykly geçirilýändigi buýsandyryjydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzyň aýna ýaly, dünýä standartlaryna laýyk getirilip gurulýan ýollary döwrebap durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär we bu ugurda ilata edilýän hyzmatlar barha ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak üçin ägirt uly tagallalary edýändigi, bu ugurda geçirilýän bir aýlygyň çärelerine ähli ildeşlerimiziň, aýratyn hem ýaş nesilleriň işjeň gatnaşýandyklary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle asylly hem möhüm ähmiýetli çäreler ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok