Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede geçirilmelidigini belledi

4-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Prezidenti, hasabaty diňläp, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişe ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine onuň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok