Sungatyň ýene bir ýyldyzy öçdi

Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Garagalpakystan Respublikasynyň halk artisti Babamyrat Hamdamow 84 ýaşynda aradan çykdy.

Babamyrat Hamdamow 1940-njy ýylda Lebap welaýatynda dünýä indi. Ol orta mekdebi gutarandan soň, kran operatorlaryny taýýarlaýan gysga okuw kursyny tamamlap, gurluşyk işlerini etdi. Ýöne aýdym aýtmagy halaýanlygy sebäpli ilki hindi aýdymlaryny aýtdy we şol döwürler Komiljon Otaniýozowyň ansamblynda işledi.

Babamyrat Hamdamow esasan 4 dilde halk aýdymlaryny ýerine ýetirdi: türkmen, özbek, täjik we hindi. Ol aýdym-saz sungatynyň nusgawy ussady we mugallymy, “Dostluk” ordeniniň eýesi.

Babamyrat Hamdamow türkmen we özbek milli aýdym-saz sungatynyň ösmegine ep-esli goşant goşdy, ölmez-ýitmez eserleri döretdi we tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Hususan-da, “Kim eken”, “Diwana boldum”, “Lebabyma”, “Saýadyň” ýaly aýdymlary halkyň ýüreginde mynasyp orny eýeledi.

Atajan EÝÝUPOW,
habarçy, žurnalist.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok