Mälim bolşy ýaly her ýylyň 1—30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäre geçirilýär. Bu biraýlyk çäräniň dowamynda ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ýurdumyzda ähli ilatyň saglygyny, ýurt abadançylygyny goramak maksady bilen bu çärä bagyşlanyp ýurdumyzyň ähli künjeklerinde wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Awtoulaglaryň köpelmegi we ulag gatnawlarynyň artmagy netijesinde köçelerde, ýollarda sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň has ünsli bolmagyny talap edýär. Ýurdumyzda bu biraýlyga bagyşlanyp wagyz nesihat çäreleri, köp sanly wagyz nesihat duşuşyklary geçirilýär.
Her bir raýatyň ýol hereketindäki şahsy jogapkärçiliginiň bolmalydygy we ýollarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri baradaky maglumatlar bu bir aýlyga bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň ählisiniň özeni bolup durýar. Bu çäräniň geçirilmegi raýatlaryň howpsuzlygyny, halkymyzyň asuda we parahat ýaşamagy üçin wajyp ähmiýete eýe bolup durýar.
Teswirler