TÜRKSOÝ – Pyraga bagyşlanan birnäçe neşirleri çap etdi

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilip geçilýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) şahyryň döredijiligine we ömrüne bagyşlanan birnäçe neşirleri çap etmäge taýýarlady.

2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan eden TÜRKSOY guramasy Watana bolan söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, dostluk we agzybirlik ýaly mizemez adamzat gymmatlyklaryny wasp eden çeper sözüň ussadynyň baý mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge uly üns berýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok