Sagdyn, sowatly, watansöýüji, belent ruhly, kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek mugallymlaryň mukaddes borjudyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge ukyply ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmegi maksat edinýär. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara derejeli bilim ojaklarynyň döredilmegi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň binalarynyň gurulmagy, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda internet arkaly dünýä maglumatlar binýadynyň we elektron kitaphanalaryň giň elýeterliligi bilen baglydyr.

Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň güýz paslynyň ilkinji gününde Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebine, okuw-terbiýeçilik toplumyna, ýöriteleşdirilen mekdeplere, çagalar baglaryna körpeleriň, okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň ruhubelentlik bilen gadam basandyklaryny bellemelidiris. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ýaş hünärmenleriň işjeň çekilendigini nygtamak zerur.

Munuň özi häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere gatnaşmaklary, öz ukyp-başarnyklaryny iş ýüzünde ýüze çykarmaklary, döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady hem bolup durýar. “Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna” laýyklykda, türkmen ýaşlary 2023-2024-nji okuw ýyly üçin bu dostlukly ýurduň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga ugradyldy. Şeýle hem türkmen ýaşlary gazanylan hökümetara ylalaşyk esasynda Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ojaklaryna okuwyny dowam etdirmäge iberildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýaş türkmenistanlylaryň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin döwletimiz mundan beýläk-de yzygiderli esasda ähli mümkinçilikleri döreder. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, bilim bermek işine innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça çäreler geljekde-de dowam etdiriler.

Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ony dünýä giňişligine çykarmak üçin yzygiderli we maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda pedagogik işgärleriň öňünde uly jogapkärli wezipeler durýar.

Sapargül HAJYBAÝEWA,

Daşoguz şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok