Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 14-27-nji iýuly aralygynda Günorta Koreýa Respublikasynda geçiriljek okuw saparyna gatnaşýar.
Günorta Koreýa Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk Agentligi (Korean International Cooperation Agency) (KOICA) tarapyndan gurnalýan, “Aziýanyň adam hukuklary boýunça ýerli dolandyryş edaralarynyň bilimini ýokarlandyrmak” atly okuw maksatnamasyna türkmen wekiliýetiniň adyndan 3 adamdan ybarat topar gatnaşýar.
Düzümi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Döwleti öwreniş bölüminiň uly ylmy işgäri Allaberdi Orazmuhammedow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bölüminiň birinji sekretary Göwher Berdiýewa, hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy Gülsenem Hommadowa dagylardan ybarat bolan topar saparyň dowamynda öz ugurlaryny kämilleşdirmek babatda okuw-kosultatiw we pikir alyşma sapaklaryna yzygiderli gatnaşýarlar.
Şeýle-de olar KOICA-nyň meýilnamasy esasynda myhman bolýan döwletinň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençleri gurnamagy meýilleşdirýärler.
Okuw saparynyň barşynda, daşary ýurtlardan gelen wekiliýetler özara duşuşyp, ýaşaýan döwletiniň hukuk ulgamy barada taýýarlan çykyşlaryny görkezdiler. Türkmenistanyň toparynyň adyndan Türkmen diplomatiýasynyň ýokary Milli mekdebiniň mugallymy Gülsenem Hommadowa ýurdumyzda adam hukuklarynyň amala aşyrylyşy, demokratik ýörelgeleriň berjaý edilişi, döwletimiziň daşary ýurt döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklary we döwletara hyzmatdaşlyklary dogrusynda öz çykyşynda giňişleýin beýan etdi.
Türkmen wekiliýetiniň okuw sapary 2024-nji ýylyň iýul aýynyň ahyryna çenli dowam eder.
Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler