Aziýanyň iň baý adamysynyň ogly öýlenýär!

Hindistanyň iň baý adamy Mukeş Ambaniniň ogly Anant Ambani, öz göwün söýüp saýlan ýary Radhika Merçant bilen toý etmäge taýynlanýar. “Ýylyň toýy” diýlip häsiýetlendirilýän ajaýyp dabara ähli adamda uly tolgunma döredýär.

Şu ýylyň mart aýynda Mark Zukerberg we Bill Geýts ýaly takmynan 1200-den gowrak abraýly myhmanyň gatnaşmagynda toýdan öň üç günlük oturylyşyk dabarasy guraldy. Dabarada Rihana çykyş etdi. 5500-den gowrak dronyň ýerine ýetiren tansy garaňky gijäni ýagtylandyrdy.

Toýdan öň bolan dabaradan soň toý etjek ýaş jübütler maý aýynyň ahyrynda dört günlük Ortaýer deňzine syýahat guradylar. Bu saparyň çäklerinde Ýewropanyň köp künjegine syýahat edildi.

Bloomberg milliarderler Indeksine görä, Aziýanyň iň baý adamy Mukeş Ambaniniň körpe ogly 29 ýaşly Anant Ambaniniň göwün söýüp saýlan ýary Radhika Merçant kakasynyň “Encore Healthcare” kompaniýasynda işleýär. Nýu-Ýork uniwersitetini tamamlan Radhika Merçant, Ambani bilen 2017-nji ýylda awtoulagda gezelenç wagtynda tanşypdyrlar.

Toý dabarasy 12-14-nji iýul aralygynda Mukeş we Nita Ambaniniň Mumbaýdaky 16 müň adamlyk 27 gatly ýaşaýyş jaýynda geçiriler. Toý baradaky beýleki jikme-jiklik maglumatlar gaty gizlin saklanýar.

Güljahan BÄŞIMGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok