DÖWLET ÄHMIÝETLI IŞLER OBA HOJALYGYNDA YLMY ESASDA DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

Döwlet ähmiýetli wajyp ekin bolan güýzlük bugdaýy öndürmek boýunça Hormatly Prezidentimiz maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Häzirki döwürde wajyp meseleleriň biri bir gektar ýerden alynýan hasyly we onuň hilini ýokarlandyrmakdyr. Bu mesele boýunça Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üstümizdäki ýylyň 24-nji iýunynda oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, ýurdumyzyň önümçiligine ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, dünýä tejribesi esasynda alyp barmak barada iş maslahatyny geçirdi. Şonda önümçiligiň öňdebaryjy alymlary, babadaýhanlary bilen oba hojalygyna degişli ýaş hünärmenleriň utgaşykly işleriniň alnyp barylmagynyň wajyplygy bellenildi. Bu ugurda Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen alymlarynyň gazanan ylmy netijeleriniň hem-de taýýarlan ylmy-önümçilik gollanmalarynyň halk köpçüligine ýaýratmak barada gyssagly işleri geçirilmelidigi barada nygtady.

Güýzlük bugdaýdan Garaşsyzlyk ýyllarynda köp ylmy işler edilen hem bolsa häzirki döwürde halkyň islegini kanagatlandyrýan, üýtgeýän toprak-howa şertlerinde ýokary hasylly sortlary döretmeli bolýar. Şeýle derwaýys meseleler boýunça biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmen oba hojalyk institutynda “Daşoguz welaýatynyň şertlerinde güýzlük bugdaýyň ösüş döwürlerine hasyllygyna, hasylyň hiline ekiş möhletiniň täsirini öwrenmek”, “Daşoguz welaýatynyň şertlerinde dänelik ekinleriň esasy zyýankeşleriniň bioekologiki aýratynlyklary” atly temalar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzda galla bolçulygyny döretmekde öz goşandyny goşar şeýle hem talyp ýaşlarda hünär endiklerini kemala getirmäge, şunuň bilen baglylykda ylmy işler bilen meşgullanmaga bolan höwesini artdyrar. Netijede geljekki hünärmenleriň öz hünärlerine ussat, oba hojalyk pudagynyň ugurlary boýunça giň dünýägaraýyşly bolmagyna şert döredýär.

Bize Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren iş maslahatyndan ruhlanyp ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösmegine jogap edip, ylmy işleriň çägini giňeltmäge uly höwes döretdi.

Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalygyny ösdürmek barada alyp barýan işlerinde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!!!

Bahar ÝUSUPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ösümlikçilik kafedrasynyň müdiri,
biologiýa ylymlarynyň kandidaty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok