Medeniýet hepdeligine badalga berildi

22-nji iýunda Arkadag şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeligi öz işine başlady.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda sungat baýramçylygynyň açylyş dabarasy geçirildi. Teatryň eýwanynda şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergisi giňden ýaýbaňlandyryldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi öňkülerden has üýtgeşik geldi. Ilki bilen, munuň özi ýylymyzyň ady bilen sazlaşykly ýaňlanýar. Doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga dünýä derejesinde goýulýan belent hormat edebiýatymyza, medeniýetimize, sungatymyza goýulýan beýik sarpadyr. Ýylyň ady we bu ýylda bolup geçýän şanly wakalaryň ählisi milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy has-da dabaralandyrýar.

Bu ýyl Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilýändigi her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşýar. Açylandan bäri geçen bir ýyla ýakyn wagtyň içinde Arkadag şäheri sungatyň, döredijiligiň joş urýan mekanyna öwrüldi. Täze şäherde halkara sungat we medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Bu şäherde görseň gözüňi dokundyryp duran kaşaň teatryň, döwlet sirkiniň, muzeýiň, kitaphananyň, sungat mekdepleriniň bolmagy medeni ösüşleri ilerletmäge giň mümkinçilik berýär. Ýurdumyza gelýän myhmanlaryň Arkadag şäherini görmän-synlaman gidýäni ýok diýerlikdir. Şäheriň ady bu gün bütin dünýä dolýar.

Rahym ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok