Asyrlaryň şamçyragy — Magtymguly Pyragy

Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyz akyldar şahyra, onuň döredijiligine çäksiz hormat goýýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy akyldar şahyrymyzyň döredijiligine goýulýan hormat-sarpanyň beýikdigini görkezýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda goşalanyp bellenýän seneleriň biri-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Her ýylyň 27-nji iýunynda giňden dabaralandyrylýan bu ajaýyp senä gabatlanyp Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, üstümizdäki şanly ýylda Medeniýet hepdeligi ilkinji gezek sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçiriler.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilmegi onuň ähmiýetini we many-mazmunyny baýlaşdyrar. Çünki Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanany, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatryny, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýini, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebini, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebini, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkini we beýleki birnäçe kaşaň medeni ojaklary özünde jemleýän ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde hepdeligiň çägindäki çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi üçin ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler bar.

Söz ussady Magtymguly Pyragynyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende göterýän, söze hem-de sungata çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Jennet MEREDOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok