Ylym-bagtyň çyragy. Ylym – adamzadyň we döwletiň gymmatly hazynasy. Islendik döwletiň güýji onuň halkynyň ylym-bilimi, dünýägaraýşy bilen kesgitlenilýär. Könelerimiz “Bilimli nesil – kuwwatly Watan” diýip ýöne ýerden belläp geçen däldirler. Haýsy döwletde ylym-bilim ýokary bolsa, şol döwlet iň ösen döwlet hasaplanylýar.
Gaty ýaş döwletdigine garamazdan Ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesilleri terbiýelemegiň, okatmagyň, ylym-bilim bermegiň we hünär öwretmegiň iň täze innowasion usullary ulanylýar. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we ýokary amaly-tehnologiýalar hem-de ylym ulgamlaryna çekmek boýunça birnäçe çäreler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsleşige ukyply, döwrebap nesilleri kemala getirmek maksadyna esaslanýar.
Adam ömrüniň dowamynda dürli hili birnäçe täsinlikleri döredýär. Gurýar, bejerýär. Bularyň ählisi ylymlylygyň alamatydyr. Ylym we bilim ähli özgertmeleriň özeni hasaplanylýar. Ylym üstünliklerden gözbaş alýar. Ylym we bilim – türkmen halkynyň asyrlar boýy toplap, nesilden-nesle geçirýän bahasyna ýetip bolmajak baýlyklarynyň biridir. Häzirki döwürde halkymyzyň aň-düşünjesini, dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak we ylym-bilimini pugtalandyrmak maksady bilen dünýäniň iň iri ylym we bilim merkezleri, halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar. Ýurdumyzyň ylym we bilim ojaklarynda yzgiderli okuw maslahatlary we ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär, sergiler guralýar. Ylym we bilim ulgamynyň hünärmenleri bilen duşuşyklar geçirilýär, tejribe alşyklar guralýar. Okuw-usulyýet gollanmalary döredilip, olar durmuşyň ähli ulgamlarda hereket edýärler.
Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýuny ylymlar güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu hem bolsa türkmen alymlaryna we ylmy işgärlerine goýulýan ýokary sarpadyr. Türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim bagtyndan öz paýlaryny almaga giň şertlerdir mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda durmuşa geçirýän işleri rowaçlyklara beslensin.
Aýgözel ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy
we informatikasy kafedrasynyň
öwreniji mugallymy.
Teswirler