Uçurymlara ak ýol!

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin ylymly-bilimli, milli ruhda terbiýelenen ýokary derejeli kämil hünärmenleri taýýarlamak ugrunda döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Şol aladalar netijesinde ýaşlar döwrebap mekdeplerde milli ruhda terbiýelenilip, kämil nesil bolup mekdebi tamamlaýarlar.

25-nji maýda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň ähli künjeginde umumybilim berýän orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasy hem-de Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenildi. Orta mekdeplerde 2023 — 2024-nji okuw ýyly tamamlandy. Şu mynasybetli ähli bilim ojaklarynda «Soňky jaň» dabaralary, uçurymlaryň gatnaşmaklarynda medeni-köpçülikleýin çäreler guraldy.

Hawa, 25-nji maý uçurymlar üçin ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Mekdepde olaryň şanyna ajaýyp dabaralar, ýurdumyzyň dürli künjeginde ajaýyp konsertler guraldy. Ol günde uçurymlara ak ýol, bilim beren mugallymlara bolsa, jogapkärli işlerinde hemişe rowaçlyklaryň ýaran bolmagy arzuw edildi.

Mekdebi tamamlap, durmuş ýoluna gadam basan döşleri “Uçurym” diýip ýazgyly bagtyýar okuwçylar özlerine döredilip berilýän şeýle mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Nadira ÝOLDAŞOWA,

Aşgabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok