Aşgabatda Gazagystanyň, Astanada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

2024-nji ýylda Aşgabatda Gazagystanyň Medeniýet günleri, Astanada bolsa Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu baradaky degişli mesele iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda Astanada geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm gün tertibine ünsi çekdiler.

Bu çäreleriň çäginde döredijilik toparlarynyň çykyşlary, iki ýurduň beýik söz ussatlary Magtymguly Pyragynyň hem-de Abaý Kunanbaýewiň ýadygärlikleriniň açylyş dabarasy meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, duşuşykda beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde geçiriljek çäreler barada hem pikir alşyldy.

Döwletmyrat GARRYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok