Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşikleriniň netijeleri belli boldy

Ýaňy ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça ders bäsleşiklerini yglan edipdi. Bu olimpiadalaryň netijeleri belli boldy.

Bäsleşigiň esasy maksady okuwçylaryň dil we ýazuw başarnygyny ösdürmek we kämilleşdirmek, başarjaň, döredijilikli zehinli ýaşlary terbiýelemek, olary hünäre ugrukdyrmak we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen orta mekdepleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Selbi Şöhradowa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Daşoguz şäherindäki Alp Arslan adyndaky 2-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Hydyr Altyýew we Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Çeper Annanazarowa birinji orunlary eýelediler. Mundan başga-da mekdep okuwçylarynyň 16-sy bu ugurda ikinji we üçünji orunlary gazanmagy başardylar.

Türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça geçirilen bäsleşikde Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 86-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Bägül Mämmetnazarowa, Mary welaýatynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ylymlary çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Bägül Bekgylyjowa, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülşat Garýagdyýewa aýratyn tapawutlanyp öňe saýlanmagy başardylar.

Paýtagtymyzdaky, Arkadag şäherindäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky umumy orta bilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepleriň 10-njy we 11-nji synp okuwçylary, şol sanda Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary  olimpiadalara işjeň gatnaşdylar we ýokary netijeleri gazanmagy başardylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok